Woleýbolçy gyzlar Stambulda dabaraly ýagdaýda garşylandy

Janköýerler woleýbolçy gyzlary al ýaşyl güller bilen Stambulyň howa menzilinde dabaraly ýagdaýda garşylady

1340142
Woleýbolçy gyzlar Stambulda dabaraly ýagdaýda garşylandy

 

2020 JEW Tokio olimpiada oýunlarynyň Ýewropa boýunça seçip alyş bäsleşiklerinde Germaniýany 3-0 habasynda ýeňip olimpiadalara gatnaşmaga hukuk gazanan Türkiýäniň Milli ýygyndy zenan woleýbol komandasy, Stambulda joşgunly ýagdaýda garşylandy.

Janköýerler woleýbolçy gyzlary al ýaşyl güller bilen Stambulyň howa menzilinde dabaraly ýagdaýda garşylady.

Türkiýäniň Woleýbol federassiýasynyň başlygy Mehmet Akif Üstündag, “Olimpiadalara gatnaşmagy maksat edinýärdik, şol maksadymyza ýeten soltanlarymyzy tüýs ýürekden gutalaýaryn. Elbetde bu sepgide ýetmek aňsat bolmady uly zähmet çekildi, yzygiderli ýagdaýda türgenleşikler geçirildi we maksadymyza ýetdik. Gollandiýada bize ruhy taýdan goldaw beren janköýerlerimize hem sagbolsun aýdýaryn” diýdi.

 

 

 



Degişli Habarlar