“Naim: Jübi Gerkulesi” filmi Ýewropada görkezilmäge başlanar

Naim Süleýmanoglunyň durmuşyny beýan edýan “Naim: Jübi Gerkulesi” atly kino-film Ýewropa ýurtlarynda hem görkeziler

1332587
“Naim: Jübi Gerkulesi” filmi Ýewropada görkezilmäge başlanar

Türk sport taryhynda uly abraý gazanan Naim Süleýmanoglunyň durmuşyny beýan edýan “Naim: Jübi Gerkulesi” atly kino-film Ýewropa ýurtlarynda hem görkeziler

2 ýyl ozal dünýeden öten başarjaň ştangaçy Naim Süleýmanoglunyň ömür ýoluny beýan edýän film Britaniýada, Fransiýada, Belgiýada, Daniýada, Gollandiýada, Awstriýada we Germaniýada kino muşdaklaryna hödürlener.

“Dünýäniň iň başarjaň türgeni” derejesine eýe bolan Naim Süleýmanogly kariýerasynda 47 gezek dünýä rekorduna, 6 gezek Ýewropa çempionlygyna we 7 gezek dünýä çempionlygyna eýe bolýar. Şeýle hem 3 sany olimpia altyn medalyna laýyk görülýär. Öz agramyndan 3 esse köp agyrlyk göterip bilen ýeke-täk türgen derejesi bilen sport taryhyna geçen Süleýmanogly ilkinji dünýä rekorduny 15 ýaşynda goýýar.

Naim Süleýmanogly bagyr keseli sebäpli 2017-nji ýylyň 18-nji noýabrynda dünýeden ötýär.



Degişli Habarlar