11 aýda Antalýa gelen syýahatçylaryň sany 15 milliondan geçdi

Şähere geçen syýahatçylaryň sanawynda Russiýa 5 million 524 müň syýahatçy bilen 1-nji orny eýeleýär

11 aýda Antalýa gelen syýahatçylaryň sany 15 milliondan geçdi

Dünýäniň çar tarapyndan gelýän syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýän Antalýa howa ýoly arkaly gelen syýahatçylaryň sany ýanwar-noýabr aýlarynyň aralygynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 17 göterim artyp 15 milliondan geçdi.

Antalýa welaýatynyň Medeniýet we syýahatçylyk müdürliginiň görkezijilerine görä, geçen ýyl 11 aýda şähere 13 million 642 müň syýahatçy gelen bolsa, şol san üstümizdäki ýylyň 11 aýlyk döwründe 15 milliondan geçdi.

Şähere geçen syýahatçylaryň sanawynda Russiýa 5 million 524 müň syýahatçy bilen 1-nji orny eýeleýär.

Sanawda 2-nji orny eýeleýän Germaniýadan gelen syýahatçylaryň sany bolsa 11 aýda 2 million 602 müň 725 adama ýetdi.

Russiýadan we Germaniýadan soň sanawda Ukraina, Britaniýa, Polşa, Gollandiýa, Ruminiýa we Gazagystan esasy orun eýeleýär.

 

 

 

 



Degişli Habarlar