EURO 2020-de Türkiýäniň garşydaşlary belli boldy

Türkiýäniň milli futbol ýygyndysy 2020 Ýewropa Futbol çempionatynyň A toparynda Italiýanyň, Şweýsariýanyň we Ulesiň ýygyndylary bilen bäsleşer

1315404
EURO 2020-de Türkiýäniň garşydaşlary belli boldy

Çempionatyň taryhynda ilkinji gezek 12 ýurdyň ýer eýeçilik etjek, 12-nji iýun-12-nji iýul aralygynda geçiriljek 2020 Ýewropa Futbol Çempionatynyň bije çekilşikleri geçirildi.

Rumyniýanyň paýtagty Buharestdäki ROMEXPO sergi merkezinde geçirilen bije çekilşige 3-nji torbadan gatnaşan Türkiýäniň ýygyndysy, Italiýanyň, Şweýsariýanyň we Uelsiň ýygyndylary bilen bir topara gabat geldi.

Çempionatyň açylyş duşuşygy A toparynda ýer eýeçiligi etjek ýurtlaryň biri bolan Italiýa bilen Türkiýäniň ýygyndylarynyň arasynda oýnalar.  

Italiýa, açylyş duşuşygynda 12-nji iýun anna güni Türkiýäniň wagty bilen sagat 22:00-da Rim Olimpiada stadionynda Türkiýäni kabul eder.

Türkiýe toparyndaky 2-nji duşuşygyny 17-nji iýun çarşenbe güni Türkiýäniň wagty bilen sagat 19:00-da Uels, 21-nji iýunda ýekşenbe güni bolsa Türkiýäniň wagty bilen sagat 19:00-da Şweýsariýanyň ýygyndysy bilen oýnar.


Etiketkalar: #futbol , #Türkiýe

Degişli Habarlar