Rus ýaşlary seriallar arkaly türk medeniýeti bilen ýakyndan tanyşýarlar

Rus ýaşlary türk seriallarynyň we filmleriniň saýasynda türkçe kurslaryna gatnaýarlar we türk medeniýetini ýakyndan tanaýarlar

Rus ýaşlary seriallar arkaly türk medeniýeti bilen ýakyndan tanyşýarlar

Dünýäniň köp sanly ýurdunda uly gyzyklanma döredýän türk seriallary käbirlerine duýguly we öwrediji taraplary bilen täsir ýetirýän bolsa, käbirlerini Türkiýä gezelenç etmäge gönükdirýär.

Rus ýaşlary tomaşa eden türk seriallarynyň we kino-filmleriniň özlerinde galdyran täsirini “Anadoly” habarlar gullugynyň habarçysyna gürrüň berdiler.

Kazyýet lukmançylygy hünärmeni Nataliýa Kiriçok türk seriallary saýasynda türkçe öwrenmäge başlandygyny aýtdy.

Türk seriallarynda maşgala adalgasynyň öňe saýlanýandygyna ünsi çeken Kiriçok; “Türk seriallarynda ene-ata çagalary, aga gyz doganyny goraýar, kiçiler ululary solaýar, garyndaşlar birek-biregi goldaýar. Ol döwrümizde diýseň möhüm” diýdi.

Rus dili mugallymasy Weronika Skirko bolsa türk seriallaryna synp ýoldaşlarynyň maslahat bermeginden soň tomaşa etmäge başandygyny aýtdy.

Seriallaryň özünde türk medeniýetine gyzyklanma döredendigini aýdan Skirko: “Käbir türk däp-dessurlaryny seriallardan öwrendim. Mysal üçin öýden çykanyň yzyndan suw sepýärler. Aslyna seredilende oňun nähili manylydygyny soň öwrendim” diýdi.

İşewür Alime Mamutowa bolsa türk seriallarynyň duýguly taraplarynyň bardygyna ünsi çekip: “Türk seriallarynda köp aglanýar, romantiki pursatlar başdan geçirilýär. Rus seriallarynda bular artykmaç ýok. Şol sebäpli rus zenanlary türk seriallaryna uly gyzyklanma bilen tomaşa edýärler” diýdi.

 



Degişli Habarlar