11-nji noýabr Milli agaçlandyrma günü hökmünde yglan edildi

81 welaýatda 2023 ýerde 3 sagatda 11 million agaç oturdylar

1302152
11-nji noýabr Milli agaçlandyrma günü hökmünde yglan edildi

 

Prezident R. T. Erdogan her ýylyň 11-nji noýabrynyň Milli agaçlandyrma günü hökmünde bellenilip geçiljekdigini habar berdi.

Erdogan “11-nji noýabr agaçlandyrma günü” mynasibetli çap eden jarnamasynda, Türkiýäniň 78 million gekdarlyk meýdanda, ekologik taýdan köpdürlilige eýedigini nygtady.

Prezident Erdogan ýurduň çar tarapynda şol bir wagtda agaç oturdyljakdygyny belledi.

Ady agzalýan çäre hakynda degişli resminamalaryň Oba we tokaý hojalygy ministrliginiň salgysynda ýer alýandygyny aýdan  Erdogan, “81 welaýatda 2023 ýerde 3 sagatda 11 million agajyň oturdyljakdygyny we dünýä rekordynyň goýulmagynyň maksat edinilýändigini belledi we 7-den 77-ä çenli ähli raýatlarymyzyň meýletin ýagdaýda kampaniýa ähli taraplaýyn goldaw berjekdigine doly ynanýaryn” diýdi.

Prezident Erdogan 11-nji noýabry Milli agaçlandyrma günü hökmünde yglan etdi.

 



Degişli Habarlar