Dolmabahçe hatyralama çäresi üçin taýarlanýar

Dolmabahçe köşgüne 2018-nji ýylyň 10-njy noýabrynda 80 müň adam baryp görýär

1300034
Dolmabahçe hatyralama çäresi üçin taýarlanýar

 

Türkiýe Respublikasynyň esaslandyryjysy Beýik Baştutan Mustafa Kemal Atatürkiň 81 ýyl ozal baky uka giden ýeri bolan Dolmabahçe köşgü, 10-njy noýabrda geçiriljek hatyralama çäresi üçin taýarlanýar

Dolmabahçe köşgü, Atatürkiň Stambulda ilkinji çykyşyny eden, bu dünýeden öten we jynazasynyň geçirlen ýeri bolandygy sebäpli diýseň möhüm.

Mustafa Kemal Atatürkiň baky uka giden Harem bölümindäki otagyna 10-njy noýabrda her ýyl onmüňlerçe adam baryp görýär

Dolmabahçe köşgüne 2018-nji ýylyň 10-njy noýabrynda 80 müň adam baryp görýär, şu ýyl şol sanyň artmagyna garaşylýar

 

 

 



Degişli Habarlar