Rus sazandasy, pianist we deprekçi Ýewgeni Grinko Ankarada konsert berer

İýul aýyndan bäri Türkiýäniň köp sanly şäherinde muşdaklary bilen duşuşýan meşhur sazanda Grinko 8-nji oktýabrda paýtagtly muşdaklary bilen duşuşar

Rus sazandasy, pianist we deprekçi Ýewgeni Grinko Ankarada konsert berer

Awgust aýynda Harbiýe Jemil Topuzlu adyndaky açyk sahnada konsert beren ýaş pianiste aýdym-sazyň muşdaklary uly gyzyklanma görkezipdi.

Saz äleminde “Wals” atly aýdymy bilen ünsleri özünde jemlän, Türkiýede ozalam konsert beren sazanda 17 ýyldan bäri aýdym-saz bilen meşgullanýar.

Medeni gymmatlyklaryny kompozisiýalary arkaly beýan edýän Ýewgeni Grinko Moskwanyň Žukowski etrapçasyndan çykyp, adyny bütin dünýä tanatmagyň hötdesinden geldi.

Ýaş pianist konsertlerinde kemanjylar topary we 5 akordeonçy bilen sahna çykýar.



Degişli Habarlar