Türkiýe soňky ýyllarda Günorta Koreýaly we Aziýaly syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär

Günorta Koreýadan gelen syýahatçy sany 40  göterim ýokarlady

1236644
Türkiýe soňky ýyllarda Günorta Koreýaly we Aziýaly syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär

Baý medeniýeti we deňsiz taýsyz tebigy gözellikleri bilen Türkiýe esasan türk halky bilen taryhy geçmişe eýe bolan Günorta Koreýaly we Aziýaly syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär.

Türkiýe soňky ýyllarda Uzak Gündogar ýurtlaryndan gelýän syýahatçylaryň sany barha köpelýär.

Günorta Koreýaly syýahatçylar, ýewropaly we rus syýahatçylardan tapawutly ýagdaýda medeni, taryhy we arhealogik ýerleri görmegi saýlap alýar.

Üstümizdäki ýylyň ilkinji 5 aýynda 2018-nji ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende Günorta Koreýadan gelen syýahatçy sany 40  göterim ýokarlady.

Medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň görkezijilerine görä, ýanwar-maý aýlaryny öz içine alýan döwürde Günorta Koreýadan Türkiýä 83 müň 866 syýahatçy geldi.

Geçen ýylyň degişli döwründe bolsa  Günorta Koreýadan 59 müň  208 syýahatçy gelipdi

Günorta Koreýadan gelen syýahatçylar Stambuldaky, Kappadokýadaky, Gadymy Efes şäherindäki, Antalýadaky we Pamukkaledäki taryhy we medeni ýerleri gezip gördi

 

 

 



Degişli Habarlar