Kanadada “15-nji iýul Demokratiýa gahrymanlary” atly surat bäsleşigi geçirildi

Bäsleşikde Sena Baýramoglyn1-nji, Dilara Handan Dereji2-nji we Eda Ýylmaz 3-nji orny eýeledi

Kanadada “15-nji iýul Demokratiýa gahrymanlary” atly surat bäsleşigi geçirildi

Fetullahçy terror guramasy FETÖ-niň 2016-njy ýylyň 15-nji iýulyndaky agdarlyşyk synanşygynyň 3-nji ýylynda Kanadada “15-nji iýul Demokratiýa gahrymanlary” atly surat bäsleşigi geçirildi.

Türkiýäniň Kanadadaky ilçihanasynyň Bilim boýunça wekili Bülent Çiftçi, bäsleşigi 15-nji iýul şehitlerimiziň eziz hormatyna, ýaş nesilleriň watan söýgüsini, milli göz ýetimini we demokratiýa düşünjesini artdyrmak maksady bilen geçirilýändigini nygtady.

Bäsleşigiň ilkinji gezek geçirilýändigine garamazdan bäsleşige uly gyzyklanma bildirendigini nygtan Çiftçi “ Emin agzalary bäsleşige gatnaşanlaryň arasyndan iň gowy suratlary saýlamakda uly kynçylyk çekdi. Bäsleşigiň geljekki ýyllardan hem geçirilmegini meýilleşdirýäris” diýdi.

Çiftçi bäsleşikde Sena Baýramoglynyň 1-nji, Dilara Handan Derejiniň 2-nji we Eda Ýylmazyň 3-nji orny eýeländigini aýtdy.

Bäsleşigiň ýeňijileriniň baýraklary şenbe güni Türkiýäniň Toronto şäherindäki Baş konsullygynda geçiriljek 15-nji iýul Demokratiýa we milli jebislik gününiň çäginde geçiriljek çärede gowşurlar

 



Degişli Habarlar