Peterburgda Türk kinosynyň günleri açyldy

Peterburgda Moskwadaky Ýunus Emre İnstituty tarapyndan guralan Türk kinosynyň günleri başlady

1221459
Peterburgda Türk kinosynyň günleri açyldy

Türkiýe-Russiýa İkitaraply Medeniýet we Syýahatçylyk Ýylynyň çäginde Ýunus Emre İnstituty we Türkiýäniň Sankt Peterburgdaky Başkonsullygy tarapyndan “Rodina” kino-teatrynda guralan açylyş dabarasyna Türkiýäniň Sankt Peterburgdaky Başkonsuly Ýunus Belet, Moskwadaky Ýunus Emre İnstitutynyň müdiri Ömer Özkan bilen köp sanly türk we rus raýatlary gatnaşdylar.

Başkonsul Belet çäräniň Peterburgda ilkinji gezek geçirilýändigini we onuň türk medeniýetiniň tanyşdyrylmagy taýdan başlangyç emele getirýändigini aýtdy.

Moskwadaky Ýunus Emre İnstitutynyň müdiri Özkan bolsa şeýle çäreleriň geljekde has ýygydan geçiriljekdigini beýan etdi.

Türk kinosynyň açylyşy režisýor Osman Synawyň “Uzyn mesele” filmi bilen edilen Türk kinosynyň günlerinde üç günüň dowamynda 7 film rusça suwtitrli görkeziler.



Degişli Habarlar