Türkiýäniň futbol ýygyndysy Fransiýadan üstün çykdy

Duşuşyk Türkiýäniň ýeňişi bilen 2-0 hasabynda tamamlandy

Türkiýäniň futbol ýygyndysy Fransiýadan üstün çykdy

Türkiýäniň Futbol ýygyndysy 2020-nji ýylda geçiriljek Ýewropa çempionaynyň çäginde H toparynda, özüniň topar içi 3-nji duşuşygynda Fransiýanyň futbol ýygyndysy bilen duşuşyk geçirdi.

Futbol duşuşygy Türkiýäniň Konýa şäherinde ýerli wagt bilen 21:45-de başlady.

Duşuşyk Türkiýäniň ýeňişi bilen 2-0 hasabynda tamamlandy. 

Duşuşygyň baş emin gazasy Sloweniýanyň futbol federasiýasyndan Damir Skomina boldy. Oňa bolsa Jure Praprotnik, Robert Wukan we Rade Obrenowiç kömek etdi.

H toparynda geçiren ilkinji 2 duşuşygynda ýeňiş gazanan Türkiýäniň ýygyndysy toparynda Fransiýadan soň 2-nji orunda barýardy. Türkiýe bu duşuşykdan soň öz toparynda 1-nji oruna geçdi. 

Türkiýäniň ýygyndysy H toparynda 11-nji iýunda sişenbe güni bolsa garşydaşynyň meýdançasynda Islandiýanyň topary bilen oýnar.


Etiketkalar: Türkiýe , Konýa , Fransiýa

Degişli Habarlar