Türkiýäniň Futbol ýygyndysy ertir Fransiýa bilen duşuşyk geçirer

Türkiýäniň Milli futbol ýygyndysy 2020-nji ýylda geçiriljek Ýewropa Futbol çempionatynyň saýlama oýunlarynyň çägindäki H toparynda dünýäniň soňky çempiony Fransiýanyň ýygyndysy bilen ertir duşuşyk geçirer

Türkiýäniň Futbol ýygyndysy ertir Fransiýa bilen duşuşyk geçirer

Konýanyň şäher häkimliginiň stadionynda geçiriljek duşuşyk ýerli wagt bilen sagat 21:45-de başlar we TRT 1 kanalyndan göni ýaýlym arkaly görkeziler.

Duşuşygyň baş emin gazasy Sloweniýanyň futbol federasiýasyndan Damir Skomina bolar. Oňa bolsa Jure Praprotnik, Robert Wukan we Rade Obrenowiç kömek eder.

H toparynda geçiren ilkinji 2 duşuşygynda ýeňiş gazanan Türkiýäniň ýygyndysy toparynda Fransiýadan soň 2-nji orunda barýar. Türkiýe bu duşuşykdan hem ýeňiş gazanan halatynda 1-nji oruna geçer.

Türkiýäniň ýygyndysy H toparynda 11-nji iýunda sişenbe güni bolsa garşydaşynyň meýdançasynda Islandiýanyň topary bilen oýnar.


Etiketkalar: Türkiýe , ýygyndy , topar , Fransiýa

Degişli Habarlar