FIFA-nyň başlyklygyna ýaňadandan Džanni Infantino saýlandy

Halkara Futbol Federasiýalary Bileleşiginiň (FIFA) başlyklygyna ýaňadandan Džanni Infantino saýlandy

FIFA-nyň başlyklygyna ýaňadandan Džanni Infantino saýlandy

FIFA-nyň nobatdaky kongresi agza ýurtlaryň federasiýalarynyň başlyklarynyň we ýokary derejeli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda geçirildi. 

Fransiýanyň paýtagty Parižde gurnalan kongresde FIFA-nyň başlygy wezipesine saýlamak çäresi geçirildi. 

Saýlawa ýeke täk dalaşgär bolan 49 ýaşyndaky Džanni Infantino, 2023-nji ýyla çenli wezipede galar. 

Džanni Infantino 2016-njy ýylda geçirilen saýlawda Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň başlygy Şeýh Salman Bin Ibrahim Al-Halife, Iordaniýanyň Şazadasy Ali Bin Al-Hüseýin we FIFA-nyň ozalky Baş sekretary Žerom Şampan ýaly dalaşgärlerden üstün çykyp, FIFA-nyň başlygy wezipesine saýlanypdy. 

FIFA-nyň indiki kongresi öňümizdäki ýylyň maý aýynda geçiriler. 

 



Degişli Habarlar