Moskwada türk milli sungatynyň sergisi açyldy

Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde türk milli sungatynyň sergisi açyldy

sanat sergi.jpg
sergi.jpg
sergi moskova.jpg
sergi.jpg

Türkiýe-Russiýa İkitaraply Medeniýet we Syýahatçylyk Ýylyna laýyklykda Türkiýäniň Russiýadaky İlçihanasy bilen Moskwadaky Ýunus Emre İnstitutynyň bilelikde guran sergisine Türkiýäniň Russiýadaky İlçisi Mehmet Samsar we köp sanly türk hem-de rus sungaty söýüciler gatnaşdylar.

Sergide ebru, altyn çaýma, hattatlyk, palas, keçe we miniatura ýaly milli türk sungatlary tanyşdyryldy.

İlçi Samsar serginiň açylyşynda sözlän sözünde el hünärleriniň Osman döwründe giňden ýaýrap, ösendigini nygtap: “Milletleriň medeni baýlygynyň iň çuň we möhüm nusgalary el hünärleridir” diýdi.

Sergä gatnaşanlardan Warwarfa Lýubenskaýa türk medeniýeti bilen ýakyndan gyzyklanýandygyny nygtap: “Bu ýerde diňe bir sungaty görmek däl, onuň bilen meşgullanmak üçin şert tapdyk. Ol diýseň tolgundyry” diýdi.

Ruslaryň Türkiýäni diýseň gowy görýändigini beýan eden Lýubenskaýa şeýle çäreleriň ýygy-ýygydan geçirilmegini isledi.

Ýeketerina Kuniç bolsa türk medeniýetiniň we taryhynyň iňňän baýdygyny belläp: “Türkiýä birnäçe gezek gitdim. Stambula, Antalýa, Ankara bardym. Türkiýede käte kiçicik köçäniň hem özbolyşly gözelligi bar” diýdi.


Etiketkalar: Russiýa , Türk sungaty , sergi , Moskwa

Degişli Habarlar