Halkara Kuba syýahatçylyk sergisi açyldy

Kubanyň Syýahatçylyk ministri Manuel Marrero Kruz ýurduna gelýän syýahatçylaryň sanynyň şu ýyl 5 milliondan geçmegine garaşýandyklaryny aýtdy

Halkara Kuba syýahatçylyk sergisi açyldy

Ministr Kruz we Halkara Kuba syýahatçylyk sergisiniň abraýly myhmany İspaniýanyň Senagat, Söwda we syýahatçylyk ministri Maria Reýes Maroto İllera serginiň resmi açylyşyny amala aşyrdylar.

Kruz açylyşda sözlän sözünde Kubada syýahatçylyk pudagyndaky ösüşleri we ýurduň pudak boýunça täze maksatlaryny gürrüň berdi.

Şu ýyl paýtagt Gawananyň 500 ýyllyk ýubileýini toýlaýandyklaryny ýatladan Kruz, 51 sany howa ýoly kompaniýasynyň şähere uçuş edýändigini we Gawananyň 36 şäher bilen arabaglanşygynyň bardygyny aýtdy.

Daşary ýurtly maýadarlaryň we hökümetleriň Kubada syýahatçylyk pudagynyň ösmegine uly goşant goşýandygyna ünsi çeken Kruz: “Kuba geçen ýyl 4,7 million syýahatçy geldi. Üstümizdäki ýyl onuň 5 milliona ýetmegini nazarda tutýarys” diýdi.

Şu ýyl 39-njysy geçirilýän Halkara Kuba syýahatçylyk sergisine 40 ýurtdan 2 müňden gowrak adam gatnaşýar.

Dünýäniň dürli ýurtlaryndan syýahatçylyk gulluklary, howa ýoly kompaniýalary, myhmanhanalaryň we degişli jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşýan sergisinde maslahatlar, çykyşlar, özara duşuşyklar guralýar.

 



Degişli Habarlar