Kuşadasyna iki kruiz gämisi 3560 ýolagçy geldi

Iki kruiz gämisindäki syýahatçylar halk tanslary topary tarapyndan dabaraly ýagdaýda garşylandy

Kuşadasyna iki kruiz gämisi 3560 ýolagçy geldi

Maltanyň we Gollandiýanyň baýdagyny göterýän iki kruiz gämisi 3560 ýolagçysy bilen Aýdyn welaýatynyň Kuşadasy etrabyna geldi.

Ege portuna gelen Maltanyň we Gollandiýanyň baýdagyny göterýän iki kruiz gämisindäki syýahatçylar halk tanslary topary tarapyndan dabaraly ýagdaýda garşylandy.

Esasy bölegi Amerikaly bolan ýolagçylaryň bir bölegi gezelenç awtobuslary bilen Gadymy Efes şäherinde, Bibi Merýemiň öýüne we beýleki taryhy ýerlere baryp gördü.

Kruiz syýahatçylygynyň Kuşadasynyň syýahatçylygynda esasy orun eýeleýändigine ünsi çeken Ege portunyň Baş müdüri Aziz Güngör, maý aýynyň 7-10-y aralygynda Ortaýer deňzi kruiz bileleşiginiň 54-nji maslahatynyň geçiriljekdigini ýatlatdy


Etiketkalar: ýolagçy , syýahatçylyk , kruiz

Degişli Habarlar