“Parahatçylyk Çeşmesi” operasiýasy

Maksat asudalyk
nyşana terror

Truwa operasy ruslaryň göwnünden turdy

2019 Türkiýe-Russiýa Medeniýet we syýahatçylyk ýylynyň çäginde dürli medeni çäreler geçirler

Truwa operasy ruslaryň göwnünden turdy

Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nury Ersoý, Moskwadaky Bolşoý teatrda sahnalaşdyrlan Truwa operasynyň ruslaryň göwnünden turandygyny aýtdy.

Ministr Ersoý, Russiýanyň paýtagty Moskwadaky Bolşoý teatrda Türkiýe bilen Russiýanyň arasynda yglan edilen “2019 Türkiýe-Russiýa Medeniýet we syýahatçylyk ýylynyň çäginde sahnalaşdyrlan Truwa operasyndan soň metbugata beýanat berdi.

Bolşoý teatrda Truwa operasynyň ör turlyp alkyşlanylmagyndan hoşaldyklaryny aýdan Ersoý, 2019 Türkiýe-Russiýa Medeniýet we syýahatçylyk ýylynyň çäginde dürli medeni çäreleriň geçiriljekdigini belledi.

Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nury Ersoý Medeniýet ýylynyň çäginde Moskwada “Muhteşem Ýüzýyl” serialynda ulanylan egin eşikleriň sergilenmeginiň meýilleşdirilýändigini aýtdy.

Ministr Ersoý “2019 Türkiýe-Russiýa Medeniýet we syýahatçylyk ýyly Stambul Perada rus sergisi bilen dabaraly ýagdaýda ýapylar”diýdi.

 



Degişli Habarlar