Sümela manastyrynyň bir bölegi 8-nji maýda ulanylmaga berler

Manastyr ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär

Sümela manastyrynyň bir bölegi 8-nji maýda ulanylmaga berler

 

Trabzonyň Maçka etrabynda ýerleşýän Sümela manastyrynyň bir bölegi geçirlen abatlaýyş işlerinden soň 18-nji maýda ulanylmaga berler

Altyndere jülgesindäki Karadagyň eteginde ýerleşýän, myhmanlaryna tebigaty, taryhy we medeni özboluşlylygy bilen uly mümkinilik hödürleýän manastyr, geçirlen abatlaýyş işleri sebäpli birnäçe wagtdan bäri ýapykdygyna garamazdan ýerli we daşary ýurtly syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär.

Täze syýahatçylyk möwsüminde 18-nji maýda muzeýler hepdesinde bir bölegi ulanylmaga beriljek manastyrda 4 müň tonnalyk gaýa arassalandy, manastyra tarap gidýän 300 metrlik ýöriş ýoly, taryhy suw kemeri bilen manasytyryň merdiwenleri abatlandy

Manastyry görmek üçin Trabzona giden syýahatçylar tebigy gözellikler bilen birlikde dag tigiri, eňňit paraşurdy, foto safary ýaly tapawutly mümkinçiliklerden peýdalanyp bilerler

 

 

 



Degişli Habarlar