Ruslaryň 91 göterimi Türkiýä syýahatçylyk maksatly gelýär

Geçen ýyl Türkiýä gelen syýahatçylaryň sany, taryhynyň iň ýokary derejesi bolan 5 million 964 müň 613-e ýetdi

Ruslaryň 91 göterimi Türkiýä syýahatçylyk maksatly gelýär

Türkiýäniň Syýahatçylyk agentlikleri bileleşigi tarapyndan taýýarlanan Russiýanyň Syýahatçylyk bazar habarnamasyna görä, geçen ýyl ruslaryň 91 göterimi Türkiýä syýahatçylyk maksatly geldi.

Hasabata görä Türkiýe ruslar üçin iň möhüm dynç alyş zolagy bolmagy aýratynlygyny 2018-nji ýyldada dowam etdirdi.

Geçen ýyl Türkiýä gelen rus syýahatçylaryň sany, taryhynyň iň ýokary derejesi bolan 5 million 964 müň 613-e ýetdi.


Etiketkalar: syýahatçylyk , rus

Degişli Habarlar