Dünýeden ötmänkäň dadyp görülmeli iň gowy türk datlysy

Anadolunyň her ýerinde, esasan hem Stambulyň çar tarapynda satylýan Lokma datlysy INSIDER tarapyndan taýýarlanan sanawa girdi

1158303
Dünýeden ötmänkäň dadyp görülmeli iň gowy türk datlysy

Habar saýty INSIDER dünýäniň çar tarapyndan datly söýüjileriniň ýaşaýarkalar dadyp görmeli datlylarynyň sanyny taýýarlady.

Anadolunyň her ýerinde, esasan hem Stambulyň çar tarapynda satylýan Lokma datlysy INSIDER tarapyndan taýýarlanan sanawa girdi.

Lokmalaryň daş görnüşi gytyrdaýan, içi bolsa şokoladly ýa-da mandarin sously.

Lokmanyň üstüne süýt, gara şokolad, tahin, toşap, karamel, funduz, hoz, badam, damja sakgyç, guradylan mandarin, kokos sepilip biliner.

Ýagda bişirilýan, üstüne bolsa gowy edip  şerbet guýulýan meşhur datlyny iýen adamlar, sosial mediadan öz tejribelerini paýlaşmagy ýatdan çykarmaýarlar.


Etiketkalar: #Lokma , #datly , #Stambul , #türk

Degişli Habarlar