Meşhur modelýer Karl Lagerfeld aradan çykdy

Dünýä meşhur modelýer Karl Lagerfeld 85 ýaşynda aradan çykdy

Meşhur modelýer Karl Lagerfeld aradan çykdy

The Guardianda berilen habarda, Şaneliň sungat müdüri Karl Lagerfeldiň eýýäm birnäçe wagt bäri özüni gowy duýmaýandygy we düýn irden Parižde hassahanalaryň birinde aradan çykandygy habar berildi. 

Gara äýnegi we kesilen gara ellikleri bilen tanalýan Karl Lagerfeld, 20-nji asyryň iň beýik modelýerleriniň biri hökmünde kabul edilýärdi. 

Modelýer Karl Lagerfeld Germaniýanyň Gamburg şäherinde 1933-nji ýylda doguldy. 

1954-nji ýylda Pariže baran Karl Lagerfeld, 1955-nji ýylda Pierre Balmainiň kömekçisi hökmünde moda karýerasyna ilkinji ädimini edipdi we 1983-nji ýylda Şanelde işlemäge başlapdy. 

 


Etiketkalar: modelýer , Pariž , Şanel , The Guardian

Degişli Habarlar