TRT dronlar arkaly terrorçylary tunellerini ýazga aldy

Siriýada Ýefrat derýasynyň gündogaryna guraljak operasiýa üçin taýarlyklar dowam edýärkä Aýnal Arab şäherinde çukur gazýan terror guramasy ÝPG/PKK-nyň başbozarlary wideo ýazga alyndy

1110804
TRT dronlar arkaly terrorçylary tunellerini ýazga aldy

Türkiýäniň Siriýa serhedinde operasiýa zolagyndaky terror pozisiýalary ilkinji gezek Türkiýe radio telewideniýe guramasy TRT tarapyndan dron arkaly ýazga alyndy.

Wideo ýazga alynan pozisiýalaryň mundan ozal terror guramasy DAİŞ tarapyndan ulanylandygy anyklandy. Terror guramasy ÝPG/PKK-nyň başbozarlarynyň beton bloklar bilen gurşaw astyna alan pozisiýalary ýaňadandan peýdalanmak üçin taýarlyk görýändigi görülýär.

Ýazgylarda pozisiýanyň ýanynda 3 terrorçynyň bardygy anyklandy. Kamerany gören ÝPG/PKK terrorçylary gaçybatalgalaryna gizlenmek üçin gaçdy.

Zolakda giň hendekleriň gazylandygy aç-açan görülýär.



Degişli Habarlar