Real Madrid Walensiýadan 2-0 hasabynda üstün çykdy

Ispaniýanyň 1-nji futbol ligasy bolan La liganyň 14-nji hepdesinde Real Madrid öz meýdançaynda Walensiýany 2-0 hasabynda ýeňdi

1098877
Real Madrid Walensiýadan 2-0 hasabynda üstün çykdy

Santiago Bernabeu stadionynda geçirilen duşuşykda Real Madridiň gollaryny garşy toparyň derwezesine 8-nji minutda walensiýaly futbolçy Wass öz derwezesine we 83-nji minutda Lukas Waskes geçirdi.

Geçen hepde garşydaşynyň meýdançasynda Eibar komandasyna 3-0 hasabynda ýeňilen Walensiýany öz öýünde ýeňen Real Madrid toparynyň baly şeýlelik bilen 23-e ýetdi.

Walensiýa komandasy bolsa 17 baly bilen galdy.



Degişli Habarlar