Eýranda ykdysady çökgünlik sebäpli serginiň guralmagy bes edildi

Eýranyň Medeniýet ministri Abbas Salihi paýtagt Tährandaky Metbugat we habar gulluklary sergisiniň ykdysady çökgünlik sebäpli şu ýyl geçirilmejekdigini beýan etdi

1074872
Eýranda ykdysady çökgünlik sebäpli serginiň guralmagy bes edildi

Ministrler kabinetiniň meclisinden soň metbugata beýanat beren Salihi; “Sergini guraýan Medeniýet ministrligi diňe käbir çykdajylary öz üssüne alýar. Serginiň esasy çykdajylary media organlary tarapyndan edilýär. Ykdysady kynçylyklary başdan geçirýän media organlary sergä arakesme berilmegini islediler” diýdi.

Geljek ýyl serginiň guralmagyny umyt edýändigini aýdan Salihi, ýurdun dürli şaherlerinde bolsa meýilleşdirilen sergileriň we çäreleriň geçiriljekdigini nygtady.

Geçen ýyl 23-ncisi geçirilen sergi 24-nci oktýabr bilen 4-nci noýabryň aralygynda Tähranyň Uly Musalla metjidinde guralypdy.



Degişli Habarlar