Türkiýäniň Milli ýygyndy futbol komandasy şu gün Russiýa bilen duşuşar

Soçi şäherindäki Fisht olimpiada stadionyndaky duşuşyk Türkiýe bilen sagat 19.00-da başlar

1068081
Türkiýäniň Milli ýygyndy futbol komandasy şu gün Russiýa bilen duşuşar

Türkiýäniň Milli ýygyndy futbol komandasy UEFA milletler ligasyndaky üçünji bäsleşiginde şu gün Russiýa bilen duşuşar.

Soçi şäherindäki Fisht olimpiada stadionyndaky duşuşyk Türkiýe bilen sagat 19.00-da başlar.

Türkiýe-Russiýa duşuşygyny Polşanyň Futbol federassiýasynyň emin agzasy Pawel Raczkowski gönükdirer.

Aý-ýyldyzly türk komandasy UEFA milletler ligasyndaky birinji bäsleşiginde Russiýadan 2-1 hasabynda ýeňilipdi, ikinji bäsleşiginde bolsa Şwesiýany 3-2 hasabynda ýeňipdi.

Russiýa B toparynda 4 bal bilen birinji orny eýeleýär, 3 bal bilen Türkiýe ikinji, 1 bal bilen Şwesiýa bolsa soňky orny eýeleýär.



Degişli Habarlar