Nobel sylagyny satan fizik ýogaldy

Saglygy bilen bagly çykdajylaryny tölemek üçin Nobel sylagyny satan amerikan fizik Leon Lederman 96 ýaşynda ýogaldy

1063477
Nobel sylagyny satan fizik ýogaldy

Leon Ledermanyň 37 ýyllyk aýaly Ellen Karr Lederman beren beýanatynda, bilim işgäriniň Aýdaho ştatynyň Reksburg şäherindäki garrylar öýünde ýogalandygyny habar berdi.

Leon Lederman 1988-nji ýylda “Mýuonnoýe neýtrino” diýip at berilen atomdan kiçi bölegiň tapylmagynda eden işleri sebäpli Nobel Fizika sylagyna laýyk görülipdi.

Sylagyny beýleki 2 bilim işgäri bilen paýlaşan Lederman, sylagdan alan puly bilen kiçiräk bir kepbe satyn alypdy.

Lederman Nobel sylagyny 2015-nji ýylda saglygy bilen bagly çykdajylaryny bermek üçin auksionda satypdy.

Sylag 765 müň dollara satylypdy.


Etiketkalar: #Nobel , #sylag , #auksion

Degişli Habarlar