Ramil Guliýew “ýylyň erkek atleti” baýragy üçin dalaşgärlige hödürlendi
Milli türgen Ramil Guliýew Ýewropa Atletika bileleşiginiň “ýylyň erkek atleti” baýragy üçin dalaşgärlige hödürlendi

Türkiýäniň Atletika federassiýasy tarapyndan berlen beýanata görä, şu ýyl Germaniýanyň paýtagty Berlinde geçirlen Ýewropa çempionadynda altyn medal alan Ramil Guliýew 26-njy oktýabrda Şweýsariýanyň Lozan şäherinde beriljek Ýewropa Atletika bileleşiginiň “ýylyň erkek atleti” baýragyna dalaşgärlige hödürlendi.
Erkekleriň arasynda 200 metrde Ýewropa çempiony bolan Ramil Guliýew Berlinde 19,76-lyk derejesi bilen 39 ýyllyk Ýewropa rekordyny 0.04 sekunt bilen ýitirdi.
Milli türgen geçen ýyl hem “Ýewropada ýylyň atleti” baýragyny almak üçin dalaşgärlige hödürlenipdi we 10 türgeniň arasynda soňky 3-lüge giripdi.
Degişli Habarlar

Inlisler 2020-nji Ýylda-da Muglany Saýlap Aldy
Mugla welaýatynda syhahatçylar üçin ähli şertler we ýeňillikler döredilen

Fenerbahçeli Janköýerler Tarapyndan Sabyrsyzlyk Bilen Garaşylýan Mesut Özil Stambula Geldi
Mesut Özil Britaniýadan maşgalasy bilen birlikde Stambulageldi