“Çikago 15-nji Türk festiwaly” başlady

Festiwalyň açylyşynda ABŞ we Türkiýäniň döwlet senalary ýerine ýetirildi

Chicago turk Festivali.jpg
Chicago turk Festivali basladi.jpg

ABŞ-nyň Çikago şaherinde 15-njisi guralan “Çikago Türk festiwaly” dabara bilen açyldy

Çikagodaky Deýli meýdanynda geçirilýän we şu ýyl “Çikago türkleşýär” temasyny saýlap alan festiwalyň açylyşynda ABŞ we Türkiýäniň döwlet senalary ýerine ýetirildi.

Türk Amerikan Medeniýet Bileleşiginiň başlygy Ylgaz Ülger bilen Çikago şäheriniň ýolbaşçylarynyň çykyşlaryndan soň gatnaşyjy mähellä ýüzlenen Türkiýäniň Çikagodaky Başkonsuly Umut Ajar, festiwalyň guralmagyna goşant goşanlara sagbolsun aýtdy.

Açylyşdan soň beýanat beren Ajar Türkiýäni we türk medeniýetini Çikagoda tanyşdyrmagyň buýsandyryjydygyny aýtdy. Çykyşlar bilen birlikde şäheriň meýdanynda açylan pawiýonlarda türk el hünärleri we tagamlary bilen tanyşjakdygyny aýdan Umut Ajar, türk jemagatynyň uzak ýyllardan bäri Çikago şäherinde özüne mynasyp orun tapandygyny nygtady.

Türk medeniýeti, folklary, el hünärleri, tagamlary bilen ýakyndan gyzyklanýanlardan uly höwes döredýän festiwaly şenbe güni ýapylar.


Etiketkalar: kino sungady , festiwal , ABŞ

Degişli Habarlar