Muglada Bütindünýä Ralli çempionatynyň tapgyrlarynyň biri geçiriler

Türkiýe 8 ýyl arakesmeden soň Bütindünýä Ralli çempionatynyň tapgyrlarynyň birine ýer eýeçiligini eder

1044695
Muglada Bütindünýä Ralli çempionatynyň tapgyrlarynyň biri geçiriler

Mugla welaýatynda Türkiýe Rallisi ady bilen geçiriljek Bütindünýä Ralli çempionatynyň 10-njy tapgyryna 22 ýurtdan 68 ulag we 136 türgen gatnaşar.

Türkiýe Awtomobil sporty federasiýasy tarapyndan Muglada we onuň töwereginde Türkiýe Rallisi ady bilen 13-16-njy sentýabr aralygynda çempionat geçiriler.  

Ralli Çempionatynda Halkara Sportyň Awtomobil görnüşleri bileleşigi tarapyndan geçirilen ýaryşlarda ozal berilmedik tapawutly sowgatlar beriler.


Etiketkalar: #Mugla , #ralli , #çempionat

Degişli Habarlar