Medeniýet we syýahatçylyk ministri Ersoý Türkiýä gelen syýahatçylaryň sanynyň artandygyny aýtdy

Ministr Ersoý 6 aýlyk görkezijileriň buýsandyryjydygyny belledi

1021026
Medeniýet we syýahatçylyk ministri Ersoý Türkiýä gelen syýahatçylaryň sanynyň artandygyny aýtdy

Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý Türkiýä gelen syýahatçylaryň sanynyň artandygyny aýtdy.

Antalýa guraýan iş saparyny dowam etdirýän Ersoý, syýahatçylyk pudagy boýuna iş alyp barýan jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen duşuşdy.

Ministrlik hökmünde täze döwürde alyp barjak syýasatlaryny gürrüň beren Ersoý, 6 aýlyk görkezijileriň buýsandyryjydygyny belledi.

Ministr Ersoý “6 aýlyk görkezijiler geçen ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende Türkiýä gelen syýahatçylaryň sanynyň 30 göterim artandygyny görkezýär. 6 aýda ýurdumyza daşary ýurtly 16 million syýahatçy geldi. Bu bizi diýseň buýsandyrýar” diýdi.

Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý Antalýa gelen syýahatçylaryň sanynyň bolsa 7 milliondan geçendigini belledi.

Ersoý “Şu ýyl Antalýa 14 million syýahatçynyň gelmegini maksat edinýäris” diýdi.



Degişli Habarlar