Ýaponiýanyň Kuşimoto şäherinde 300 okuwça türk dili öwredilmäge başlandy

Ertugrul şehitliginiň ýerleşýän Kuşimoto şäherinde Tokio Ýunus Emre İnstituty tarapyndan 300 okuwça türk dili kursy berilýär

1019667
Ýaponiýanyň Kuşimoto şäherinde 300 okuwça türk dili öwredilmäge başlandy

Tokio Ýunus Emre İnstitutyndan berilen ýazmaça beýanata görä institutyň şäherdäki Oşimo başlangyç mekdebi we Kuşimoto liseýi bilen bilelikde alyp barýan “Türkçe we Türk Medeniýeti okuw maksatnamasynyň” çäginde sapaklaryň başlamagy mynasybetli dabara geçirildi.

Tokio Ýunus Emre İnstitutynyň mugallymlary tarapyndan berilýän we 300 okuwçynyň gatnaşan ilkinji sapagyna Türkiýäniň Ýaponiýadaky İlçisi Hasan Murat Merjan, aýaly İnji Merjan, Tokio Ýunus Emre İnstitutynyň müdiri Hüseýin Tuna we THÝ-niň Ýaponiýadaky müdiri Mehmet Akaý hem gatnaşdy.

Türk wekiliýetini Türkçe sözler bilen garşy alan ýapon okuwçylary milli türk egin-eşikleri bilen folklor çykyşlary ýerine ýetirdi.

İlçi Merjan dabarada sözlän sözünde 1890-njy ýylda Ertugrul fyrkatyndaky pajyganyň başdan geçirilen ýeri bolan Kuşimotonyň iki ýurduň taryhynda-da möhüm orun eýeleýändigini nygtap; “Başlangyç mekdepde we liseýde berýän sapaklarymyz türk medeniýetiniň tanyşdyrylmagyny maksat edinýär” diýdi.

İlçi Merjan şäherdäki türk taryh mirasynyň goralmagy üçin hem iş alyp barýandyklaryny aýtdy.



Degişli Habarlar