Lotar Matteus Bütindünýä futbol çempionatynda iň köp duşuşyk geçiren futbolçy

Lotar Matteus dünýä çempionatynda 25 gezek milli ýygyndysynda oýnady we dünýä rekordyny goýdy

991254
Lotar Matteus Bütindünýä futbol çempionatynda iň köp duşuşyk geçiren futbolçy

Dünýäniň iň uly futbol çäresi bolan we 4 ýylda 1 gezek geçirilýän Dünýä futbol çempionatynyň finalynda iň köp duşuşyk geçiren futbolçy germaniýaly Lotar Matteusdyr. 

Lotar Matteus dünýä çempionatynda 25 gezek milli ýygyndysynda oýnady we dünýä rekordyny goýdy. 

Ýene-de bir nemes futbolçy bolan Miroslaw Kloze bolsa Dünýä çempionatynda 24 gezek bilen milli ýygyndysynyň formasyny iň köp geýen 2-nji futbolçysy, italiýanlaryň goragçy futbolçysy Paolo Maldini 23 gezek bilen milli ýygyndysynyň formasyny iň köp geýen 3-nji futbolçysy boldy. 

Argentinaly Diego Armando Maradona, polşaly Wladislaw Zmuda we nemes Uwe Seeler Dünýä futbol çempionatynyň finalynda 21 gezek öz ýygyndylarynyň formasyny geýdiler. 

 



Degişli Habarlar