TRT Halkara 23-nji aprel Çagalar festiwalyna gelen çagalar Anytkabire bardylar

Türkiýäniň Radio we telewideniýe guramasy TRT Atatürkiň bütin dünýäniň çagalaryna miras goýup giden 23-nji aprel Milli häkimiýet we çagalar baýramyny her ýyl bolşy ýaly uly dabara bilen belläp geçýär

956590
TRT Halkara 23-nji aprel Çagalar festiwalyna gelen çagalar Anytkabire bardylar

40-njy TRT Halkara 23-nji aprel Çagalar festiwalyna bu ýyl 40 ýurtdan 800 çaga gatnaşýar.

TRT-niň Baş müdüri Ibrahim Eren çagalar bilen bilelikde ýurdyň paýtagty Ankara şäherinde ýerleşýän Anytkabire bardy.

Anytkabiriň depderine gol çeken Ibrahim Eren: “Çagalarymyzyň ýürekleri watana we millete bolan söýgi bilen ýetişmekleri biziň esasy wezipämiziň biri” diýdi.

Ibrahim Eren: “Respublikamyzyň esaslandyryjysy Gazy Mustafa Kemal Atatürkiň bize miras goýup giden 23-nji aprel Milli häkimiýet we çagalar baýramyny bütin millet bolup ýene-de bir gezek belläp geçýäris. Şu gün 40-njy TRT Halkara 23-nji aprel Çagalar festiwalyna 40 aýry ýurtdan Türkiýä gelen myhmanlarymyz bilen bir ýere jemlendik. Çagalarymyzyň ýürekleri watana we millete bolan söýgi bilen ýetişmekleri biziň esasy wezipämiziň biri. TRT hökmünde dünýäniň çar tarapyndan gelen çagalar bilen bilelikde bu şowhunlu baýramy ýaşatmagymyzy dowam etdireris. Ýatan ýeriň ýagty bolsun” diýip belledi.

Dünýäniň dört künjeginden gelen çagalar Prezidentiň kompleksinde geçiriljek dabara gatnaşarlar. Çagalar ol ýerde bütin dünýä parahatçylyk, azatlyk, doganlyk we dostluk ýüzlenmelerini bererler.

Dabarany bolsa Aýla kino-filmi bilen ýüreklerde yz goýan koreýaly çaga ýyldyz Kim Seul alyp barar.



Degişli Habarlar