Russiýadaky Dünýä çempionatyna iňlis eminler gatnaşmaz

Russiýada geçiriljek Bütindünýä Futbol çempionatynda 1938-nji ýyldan bäri ilkinji gezek Britaniýadan emin agzalar gatnaşmaz

941288
Russiýadaky Dünýä çempionatyna iňlis eminler gatnaşmaz

Halkara Futbol federasiýasy FIFA Russiýada geçiriljek 36 emin agzany resmi ýagdaýda beýan etdi.

Sanawda Angliýadan, Şotlandiýadan, Uelsden we Demirgazyk Irlandiýada hiç bir eminiň gatnaşmazlygy ünsleri özüne çekdi.

FIFA-nyň sanawynda bolan ýeke täk iňlis emin agza Mark Klattenburg, Britaniýanyň Premýer ligasynda çykdy we Saud Arabystanynyň ligasynda emin agzalyga geçdi.

Britaniýanyň Futbol federasiýasy Klattenburgyň ýerine başga bir iňlis eminiň ýazylmagyny islesede FIFA bu talaby kabul etmedi.

FIFA-nyň Britaniýadan emin agza saýlamazlygy kararyň Skripal hadysasy sebäpli britaniýa bilen Russiýanyň arasynda başdan geçirilýän diplomatik krizis bilen arabaglanşykly bolup biljekdigi nygtaldy.  



Degişli Habarlar