Türkiýäniň iň uly ýapyk sport toplumy Bursada gurulýar

Türkiýäniň iň uly ýapyk sport toplumy Bursanyň Ýyldyrym etrabynda gurulýar

915974
Türkiýäniň iň uly ýapyk sport toplumy Bursada gurulýar

 

Ýaşlar we sport ministrliginiň goldaw bermeginde Bursanyň welaýat häkimliginiň ýolbaşçylygynda halkara derejesinde geçiriljek sport bäsleşiklerine ýer eýeçiligini etjek Ýyldyrym Ýaşlar we sport toplumynyň gurluşygy güýçli depginde dowam edýär.

Jemi 34 müň ine dördül kilometrlik meýdanda gurulýan desga Türkiýäniň iň uly sport toplumy bolar.

Sport tolumynda 2500 janköýerlik sport zaly, ýarym olimpik ýüzme howuzy, gimnastika zaly, türgenler üçin aýry aýry zallar, ýöriş meýdanlary, kompýuter, folklor, aýdym saz  we fotosurat ussahanalary ýer alýar.

Gurluşygynyň 70 göterimi tamamlanan uly sport toplumynyň üstümizdäki ýyl hyzmada açylmagy meýilleşdirilýär.



Degişli Habarlar