Bolliwudyň käbir ýyldyzlary Ysraýylyň Premýer ministri bilen duşuşmagy ret etdiler

Bolliwudyň meşhur ýyldyzlary Amir Khan, Salman Khan we Şah Rukh Khan Ysraýylyň Premýer ministri Benýamin Netanýahunyň geçen hepdedäki Hindistan saparynda onuň bilen duşuşmagy ret etdiler

894233
Bolliwudyň käbir ýyldyzlary Ysraýylyň Premýer ministri bilen duşuşmagy ret etdiler

Hindistana guran resmi saparynda Hindistan bilen has ýakyn gatnaşyklar gurjakdygy barada söz beren Netanýahu paýtagty Täze Delide Hindistanyň Premýer ministri Narendra Modi tarapyndan garşylandy.

Netanýahu üçin hindistanly ýyldyzlaryň gatnaşmagynda Bolliwud dabarasy geçirildi.   

Dünýä meşhur aktýorlar bolan Amir Khan, Salman Khan we Şah Rukh Han çakylygy kabul etmediler. Ady agzalan aktýorlaryň Palestinanyň halkynyň sezewar galýan zulmuny protset etmek we palestinalylar bilen raýadaşlyk içinde bolandyklaryny görkezmek üçin Netanýahu bilen duşuşmagy ret edendikleri mälim boldy.

Aktýorlaryň bu pozisiýasyna sosial mediada uly goldaw berildi.  



Degişli Habarlar