Türkiýe Russiýa bilen bäsleşer...

Türkiýäniň milli futbol ýygyndysy Russiýanyň ýygyndysy bilen 5-nji iýunda taýarlyk oýnuny oýnar

885345
Türkiýe Russiýa bilen bäsleşer...

Türkiýäniň Futbol federasiýasyndan berilen beýanata görä 2018 FIFA Bütindünýä çempionatynyň oýnaljak ýeri bolan Russiýa bilen geçiriljek duşuşygyň ýeri we sagady soň mälim ediler.

Iki ýurdyň ýygyndylary soňky gezek 2016-nji ýylyň 31-nji awgustynda Antalýada geçirilen ýörite duşuşykda oýnapdylar. Ol duşuşyk golsyz deňme-deň tamamlanypdy.

Türkiýäniň ýygyndysy mundan başgada 23-nji martda Irlandiýa Respublikasynyň futbol ýygyndysy, 28-nji maýda bolsa Eýranyň ýygyndysy bilen taýalyk duşuşygyny geçirer.



Degişli Habarlar