Nemrut dagyna geçen ýyl ýerli we daşary ýurtly 91 müň 573 syýahatçy geldi
Türkiýäniň syýahatçylyk pudagynda halkara markalaryndan biri bolan Nemrut dagyna geçen ýyl ýerli we daşary ýurtly 91 müň 573 syýahatçy geldi

BMG-nyň Bilim, ylym we medeniýet düzümi ÝUNESKO-nyň Dünýäniň medeni miras sanawynda ýer alýan Adyýamanyň Kahta etrabynda ýerleşýän Nemrut dagy Gommagen şalygyna degişli 50 metr belentligindäki äpet heýkelleri bilen ünsleri özüne çekýär.
Adyýaman welaýatynyň medeniýet we syýahatçylyk müdüri Mustafa Ekinji “Milli seýilgäh hökmünde gorag astyna alynan we günüň doguşyna we batyşyna iň gowy syn edilýän ýer” hökmünde häsiýetlendirlen Nemrut dagyna geçen ýyl daşary ýurtly 6 müňden gowrak syýahatçynyň gelendigini nygtady.
Ekinji Nemrut dagynyň 15-nji martdan başlap myhmanlaryny kabul etmäge başlajakdygyny ýatlatdy.
Degişli Habarlar

Trendýol Super Liganyň 13-nji hepdesi tamamlandy
Trendýol Super Liganyň 13-nji hepdesi geçirilen soňky 2 duşuşyk bilen tamam boldy