Türk kinosynyň ussatlaryndan Münir Özkul 93 ýaşynda wepat boldy

Oýnan “Mahmut mugallym” we “Ýaşar ussa” rollary bilen türk tomaşaçysynyň aňynda orun eýelän Özkul, birnäçe wagtdan bäri öýünde bejergi alýardy

882438
Türk kinosynyň ussatlaryndan Münir Özkul 93 ýaşynda wepat boldy

1925-nji ýylda Stambulda dünýä inen ussat 1940-njy ýylda Stambul Erkek liseýinde okaýarka Bakyrköý Halk öýünde teatra başlaýar.

1948-nji ýylda Ses teatrynda sahnalaşdyrylan “Yşk köprüsi” oýuny bilen hünärmen sungat işgäri bolan ussat, 1951-nji ýulda Jon Steinbekiň “Syçanlar we adamlar”,  Jon Millington Singiň “Batyrgaý ýigit”, 1954-nji ýylda Jorj Akselordyň “Tomus sallahy”, 1955-nji ýylda Jon Patrigiň “Çaýhana” atly eserlerinde oýnady.

Sungat ussady Stambulyň Şäher teatrlarynda we Ankanyň döwlet teatrynda hem-de köp sanly hususy teatrlarda işleýär.

Münir Özkula Medeniýet ministrli tarapyndan 1998-nji ýylda “Döwlet artisti” diýlen hormatly at dakyldy.

Prezident R.T.Erdogan türk kinosynyň ussatlaryndan biri bolan Özkulyň aradan çykmagy mynasybetli duýgudaşlyk ýüzlenmesini çap etdi.

Erdogan türk kinosynyň we teatrynyň hormatlanýan wekillerinden biri bolan Özkulyň wepat bolmagyna uly gynanç bildirýändigini beýan etdi.

Erdogan ýüzlenmesinde: “Hormatly sungat işgärimiz, ussat artist Münir Özkul geljek nesiller tarapyndan hem hormat bilen ýatlanar. Türk teatryna we kinosyna goşan goşantlary bilen milletimiziň köňlünde tagt guran merhum Özkula alladan rehnet, sungat işgärlerine, ýakynlaryna saglyk dileýärin” diýdi.

Premýer ministri Binali Ýyldyrym bilen Medeniýet we syýahatçylyk ministri Numan Kurtulmuş hem Özkula rehnet, hossarlaryna saglyk diledi.



Degişli Habarlar