Belarusda Türk medeniýet günleri açyldy

Ýaýman “Medeniýetiň we sungatyň dili birdir. Medeniýet we sungat birlikde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmelidir”

857332
Belarusda Türk medeniýet günleri açyldy

Türkiýe bilen Belarusyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasibetli paýtagt Minskde geçirilýän Türk medeniýet günleri resmi dabara bilen açyldy.

Açylyş dabarasynda Belarusyň Medeniýet ministri Ýuriý Bondar, Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministriniň orunabsary Hüseýin Ýaýman we Türkiýäniň Belarusdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Kezban Nilwana Darama bilen birlikde köp sanly myhman gatnaşdy.

Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministriniň orunabsary Hüseýin Ýaýman açylyş dabarasynda sözlän sözünde  Belarusyň 25 ýyl ozal garaşsyzlygyny ilkinjileriň hatarynda ykrar eden ýurtlardan biriniň Türkiýedigini ýatlatdy.

Ýaýman “Medeniýetiň we sungatyň dili birdir. Medeniýet we sungat birlikde iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmelidir” diýdi.

Belarusyň Medeniýet ministri Ýuriý Bondar bolsa Belarus bilen Türkiýäniň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň gün saýyn ösýändigine ünsi çekdi.

Bondar “Ýurtlarymyzyň arasyndaky medeni gatnaşyklar gün saýyn ösýär. Medeniýet günleri halklarymyzyň biri-birini has ýakyndan tanamagy taýdan diýseň möhüm” diýdi.

 

 



Degişli Habarlar