Titanikde ýazylan hat auksionda satyldy

Dünýäniň bugda işlän iň uly ýolagçy gämisi bolan Titanikiň heläkçilige uçramazdan 1 gün ozal ýazylan hat Britaniýada geçirilen auksionda 166 müň dollara satyldy

833101
Titanikde ýazylan hat auksionda satyldy

Amerikaly işewür adam Oskar Holwerson 1912-nji ýylyň 13-nji aprelinde aýaly bilen bilelikde Titanik gämisiniň ýolagçylarynyň biridi.

Holwerson gämi Atlantika okeanynda batmadan 1 gün ozal ejesine bir hat ýazypdy.

Işewür adam hatyny “Gadyrdan ejem” diýip başlapdy. Hatda Titanikiň ägirt uly we köşk ýaly myhmanhanadygyny aýdan Holwerson “Naharlaryň ajaýypdygyny” belläpdi.  Oskar Holwerson: “Ähli zat ugruna bolsa çerşenbe güni Nýu-Ýorka bararys” diýip hatyny tamamlapdy.

Gäminiň batmagy netijesinde ýogalan Oskar Holwersonyň ýazan haty içerki jübüsinden çykypdy we maşgalasyna iberilipdi.



Degişli Habarlar