Türkiýäniň Maýyplar milli ýygyndy futbol komandasy çempion boldy

Bäsdeşini 2-1 hasabynda ýeňen Türkiýäniň Maýyplar milli ýygyndy futbol komandasy Ýewropa çempiony boldy

823685
Türkiýäniň Maýyplar milli ýygyndy futbol komandasy çempion boldy

Türkiýäniň ýer eýeçiliginde geçirlen Ýewropa Maýyplar futbol federassiýasynyň Ýewropa çempionadyna gatnaşan Türkiýäniň Maýyplar milli ýygyndy futbol komandasy final bäsleşiginde Britaniýa bilen bäsleşdi.

Bäsdeşini 2-1 hasabynda ýeňen Türkiýäniň Maýyplar milli ýygyndy futbol komandasy Ýewropa çempiony boldy.

Türkiýäniň Maýyplar milli ýygyndy futbol komandasyna medalyny we kubogyny Ýaşlar we sport ministri Osman Aşkyn Bak gowşurdy.

Prezident R. T. Erdogan Maýyplar futbol çempionadynyň ýeňijisi Türkiýäniň Maýyplar milli ýygyndy futbol komandasyny gazanan üstünligi bilen mähirli gutlady.

 



Degişli Habarlar