Hytaýly suýahatçylar Pamukkale uly gyzyklanma bildirýär

UNESKO-nyň Bütindünýä Miras sanawynda orun eýeleýän Pamukkale hytaýly syýahatçylaryň ünsüni çekmäge dowam edýär

817879
Hytaýly suýahatçylar Pamukkale uly gyzyklanma bildirýär

Hytaýda oktýabr aýynyň 1-8-i aralygynda bellenilip geçilýän Hytaýyň Milli güni we Güýz baýramy dynç alyşy mynasybetli Türkiýä gelen hytaýly syýahatçylar Pamakullede bolýarlar.

Tomusky sezonyň ýapylmagyndan soň ýerli syýahatçylaryň azalan ýerlerinde daşary ýurtly syýahatçylar ertiriň irki sagatlarynda Antalýadaky myhmanhanalaryndan Pamukkeni görmek üçin ýola düşýärler.

Pamukkale trawertenlerinde ýöreýän syýahatçylar, fotosuratlar aldyrýarlar.

Antiki teatryň we aramgähleriň ýerleşýän ýerlerine-de baryp görýän syýahatçylar, ýatdan çykmajak pursatlary başdan geçirýärler.

Türkiýäniň esasy syýahatçylyk merkezlerinden biri bolan Pamukkale daşary ýurtlylaryň ünsüni elmydama çekip gelýär. Syýahatçylar zolagyň ajaýyp panoramysynyň täsirinde galýarlar.

 



Degişli Habarlar