5-nji Aziýa Oýunlary Tamamlandy

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 5-nji Aziýa oýunlary “Aşgabat 2017-de” medallar ugrundaky bäsleşikler tamamlandy

5-nji Aziýa Oýunlary Tamamlandy

Ýer eýesi Türkmenistan medallar ugrundaky göreşi birinjilik bilen tamamlamagyň hötdesinden geldi.

Sentýabr aýynyň 17-27-si aralygynda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 5-nji Aziýa oýunlarynda türgenleriň medallar ugrundaky bäsleşikleriniň ýany bilen Aşgabatda hamala diýersiňiz sport şüweleňi başdan geçirildi.

Şäherde köp sanly türgen, daşary ýurtly guramaçylyk işgärleri we metbugat işgärleri myhman edildi.

“Aşgabat 2017” üçin birnäçe aý öňünden köp sanly taýarlyklar görülipdi. Oýunlaryň ýokary derejede tamamlanmagy Aşgabadyň iňňän oňat taýarlanandygyny görkezýär. Oýunlaryn ahyrynda ýüze çykan medallaryň tabeli we türkmen türgenleriniň başarjaňlygy; ýer eýesi Türkmenistanyň diňe bir olimpiýa oýunlary üçin däl, eýsem sport taýdan hem gowy taýarlyk görendigini görkezýär.

Türkmenistan jemi 348 altyn medalyň 89 sanysy almagyň hötdesinden geldi. Şeýlelikde başyndan bäri öňde barýan bäsleşiklerini finalda-da iň öňde tamamlady. Türkmen türgenleri 245 medal bilen jemi medallaryň sanynda-da birinji orny eýelediler.

Türkmenistan soň 42 altyn bilen ikinji ýeri Hytaý Halk Respublikasy, üçünji ýeri 36 altyn medal bilen Eýran eýeledi.

24 altyn medal bilen Gazagystandan soň bäşinji orny eýelän Özbegistan kümüş we bürünç medallar bilen medal sanyny 131-e ýetirip, jemi medal sany boýunça Türkmenistandan soň ikinji orny eýeledi.

İkinji orny eýelän Hytaýyň 42 altyn medalyndan 25 sanysyny, 6-njy orny eýelän Taýlandyň 21 altyn medalyndan 14 sanysyny we 10-njy orny eýelän Gon-Kongyň 10 altyn medalyndan 9 sanysyny zenan türgenler aldy.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 5-nji Aziýa oýunlary şu gün agşam geçiriljel ýapylyş dabarasy bilen resmi taýdan tamamlanar.



Degişli Habarlar