Albert Eýnşteýniň haty 31 müň dollara satyldy

Meşhur fizik Albert Eýnşteýniň dostuna ýazan haty auksionda 31 müň dollara satyldy

798115
Albert Eýnşteýniň haty 31 müň dollara satyldy

Nemes fizik Eýnşteýniň Gitleriň howpyna garşy asly jöhit bolan dosty inžener Mişel Besso duýduryş berip ýazan haty Amerikanyň Kaliforniýa ştatynda geçirilen auksionda 31250 dollara satyldy.

Albert Eýnşteýn 1938-nji ýylda ýazan hatynda Britaniýanyň şol wagtky Premýer ministri Newill Çemberleniň syýasatynyň täsirini maslahatlaşýar.

Albert Eýnşteýn hatynda: “Germaniýa Russiýa hüjüm edip arkaýynlaşmagyny we Gündogar Ýewropany gözden düşürmegini umyt edýärin. Emma açgözlügiň uzak möhletde üstün gelip bilmejekdigine ýene-de bir gezek şaýat bolarys” diýip belleýär.



Degişli Habarlar