Türk alymlary ilkinji gezek planeta açdy

Ankara we Egeý uniwersitetlerinde üç alym bilen bir doktorant tarapyundan açylan “alys-planeta” gün ulgamyna 212 şöhle ýyly aralygynda ýerleşýär

789196
Türk alymlary ilkinji gezek planeta açdy

Ankara uniwersitetiniň Tebigy ylymlar fakultetiniň Astronomiýa we kosmos ylymlary bölüminiň mugallymy, ylymlar doktory Mesut Ýylmaz 1,5 metr aýna göwrümli türk-rus teleskoby bilen Ýapon Okaýama astrofizika obserwatoriýasynyň goldaw bermeginde innän detally synaglaryň geçirilendigini aýtdy.

Şol analizlerden çykan netijelerden käbir özgerlişikleri kesgitländiklerini aýdan Ýylmaz, käbir ölçegleriň özgermeginiň täze planeta sebäpli bolup biljekdigini anyklandyklaryny nygtady.

10 ýyl dowam eden barlaglaryň netijesinde açylan täze planeta barada alymlaryň ýazan makalasy bolsa “Astronomiýa we Astrofizika” žurnalynda çap edildi. Makalada beýan edilşine görä täze planetanyň göwrümi ýupiterden 1,5 esse uly we üstünde ýaşaýyş ähtimallygy ýok.



Degişli Habarlar