Taryhyň iň gadymy ýylgyryşy Karakamyşda

Gaziantep welaýatyndaky Karakamyş gadymy şäherinde geçirilýän gazuw-agtaryş işlerinde ýylygyryş smaýlikisi bolan 3700 ýyllyk küýze tapyldy

772868
Taryhyň iň gadymy ýylgyryşy Karakamyşda

Karakamyş antika şäherinde geçirilýän gazuw-agtaryş işlerine ýolbaşçylyk edýän Italiýanyň Bolonýa uniwersitediniň mugallymy Prof.Dr. Nikolo Marçetti: “Karakamyşda şu ýyla çenli esasan hem Demir döwrüne, Giçki Hitit döwrüne degişli galyndylar tapyldy. Emma şu ýyl Hititler imperiýasyna degişli tabaklar tapyldy” diýdi.

Marçetti: “Nekropol meýdanynda dürli-dürli gaplar tapyldy. Olaryň iň täsini bolsa B.e. öňki 1700 ýyla degişli ýüzünde ýylgyryş suratlandyrylan küýze tapyldy. Bu dünýäniň iň köne ýylygyryşy bolup biler” diýip belledi.



Degişli Habarlar