Türkiýäniň taryhy we medeni baýlyklary BMG-da tanyşdyryldy

BMG-nyň ABŞ-nyň Nýu Ýork şäherindäki merkezinde Türkiýäniň medeni köpdürliligini gürrüň berýän maslahat geçirildi

737470
Türkiýäniň taryhy we medeni baýlyklary BMG-da tanyşdyryldy

Türk-Amerikan söwda we senagat birleşmesiniň dolanşyk geňeşiniň agzasy Mine Anlar BMG-da Türkiýäniň taryhy we medeni baýlyklaryny tanatdy.

Türkiýäniň birnäçe medeniýete ýer eýeçiligini edendigini ýatladan Anlar, Türkiýede ähli medeniýetleriň  galyndylaryna gabat gelinýandigini belledi.

Tapawutly medeniýetleriň we dinleriň ýüzlerçe asyrdan bäri Anadolyda ýaşaýandygyny aýdan Anlar “Türkiýe medeni köpdürlüligiň esasy merkezlerinden biridir” diýdi.

Maslahatda söz sözlän Türk Howa Ýollarynyň Nýu Ýorkdaky merkeziniň baş müdüri Jenk Öjal bolsa medeni köpdürlüligiň we dialogyň demokratiýanyň we parahatçylygyň üpjün edilmegi taýdan möhümdigini belledi.

 



Degişli Habarlar