Taksim al-ýaşyl týulpanlar bilen bezeldi

Şu ýyl 12-njisi geçirilýän Stambul týulpan festiwalynyň çäginde Taksim meýdany týulpanlar bilen bezelýär

715532
Taksim al-ýaşyl týulpanlar bilen bezeldi

“Stambul týulpany bilen duşuşýar” şygary bilen başladylan Stambul týulpan festiwalynyň çäginde Taksim meýdany bir döwre adyny beren, gündogar medeniýetinde we mifalogiýasynda esasy orun eýeleýän týulpany bilen ýaňadandan duşuşdy.

Şu ýyl 12-nji geçirilýän Stambul týulpan festiwalynyň çäginde Taksim meýdany şäher häkimligi tarapyndan týulpanlar bilen bezelýär.

Týulpan festiwaly üçin Konýa welaýatyndan 160 görnüşli týulpan getirildi. 1278 gysga jemi 143 müň týulpan al-ýaşyl reňki bilen ünsleri özüne çekýär.

Dürli ýurtlarda seýrek gabat gelýän týulpanlar üstümizdäki aýyň ahyryna çenli şäheriň bag-bakçalaryny, Emirgan tokaýlygyny we Taksim meýdanyny bezär.

 

 


Etiketkalar: #Stambul , #týulpan , #festiwal

Degişli Habarlar